ýumulmak işlik

Ýumuk görnüşde bolmak, ýapylmak, gysylmak.

  • Agzy açylyp, ruhy öçüp, kem-kem ýumuldy gözi. (A. Kekilow, Saýlana eserler)

  • Gözleri alajagözeniňki ýaly ýaldyraýardy, tiz-tizden açylyp ýumulýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýumulmak - ýumlar, ýumlupdyr.