Birine tabşyrylan iş, ýerine ýetirmeklige ynanylan, ýerine ýetirmeklige bellenen, niýetlenen iş.
Ine, bu kyn ýumuş gelip ýaş naturalist Gaýlynyň başyna düşdi. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Onsoň bu ýumuşdan geljek bolýan adama namart diýmekden başga hiç zat aýdyp bilmen! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol işsiz wagty-da ýumşa taýýar bolup, assyrynlyk bilen olara göz gezdirýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Hoşgeldi, saňa tabşyrylan ýumuş kolhozyň agranomçylyk işidir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Okuwçylara berilýän tabşyryk, gönükme.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ýumuş - ýumşum, ýumşuň, ýumşy.
Tabşyrygy, işi ýerine ýetirmäge ýetişen oglan, hemişe ýumuş buýurýan ýetginjek tabşyrygy bolşy ýaly ýerine ýetirýän adam.
Görogly siziň ýaly ýumuş oglanlary göre-göre gelýändir. («Görogly» eposy)