ýumlukmak işlik

Bir tarapa gitmek, ugramak, ýüzüň ugruna gitmek, bir tarapa eňmek.

  • Goltuklap goşlary aýal, Ýumlukdy öýüne baka. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Aljyraňňylyk bilen gapa bakan ýumlukdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ozalky barýan ugruna tarap ýumlukdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýumlukmak - ýumlugýar, ýumlugar, ýumlugypdyr.