ýumjuklatmak işlik

Ýumup kiçeltmek, çiňerilip seretmek.

  • Ol aňyrdan gele-gelmäne çukanak gözlerini ýumjukladyp, Kiçigula çiňňerildi.

  • Pökgi gözlerini ýumjuklatmak bilen makullady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýumjuklatmak - ýumjukladýar, ýumjukladar, ýumjukladypdyr.