Sapagyň togalak edilip sapalan görnüşi.
Birnäçesi bolsa gülüp, eliniň aldygyndan kiçiräk ýumaklary ussa tarap zyňyp ýatyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Onuň kebzesi edil ýumak goýlan ýaly tüňňerip durdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Aýnanyň ýumaklaryny bir laý elläp çykandan soň, oňa habar gatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zadyň üstünde jaýly oturyp bilmeýän.
Annaguly ýabynyň üstünde oturyp bilän, aşagy ýumakly ýaly bir gezek eýläk agyp, bir gezek beýläk agyp barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gylyç Gajar ogly aşagy ýumakly ýaly gütläp ýere gaçýardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Syryňy açmak, aýan etmek, gizlin pikiriňi ýüze çykarmak, ýüregiňdäkini aýtmak.
Ýüreginiň ýumagyny çöşläpdir. Uzak ýoldan enesine buşlapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Sähra howasynda zordan alýar dem, Ýüpegiň ýumagy çöşleýär kem-kem. (A. Kekilow, Söýgi)