Ýeňillik bilen gysylýan, basylýan etmek, çeýe, maýyşgak, süýngüç etmek.
Gowaçanyň seleňräk ýerleriniň düýbüni ýumşadyp ýören bir göwre onuň bilen boýdaş boldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Çarh öz ýoluny ýumşatdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ýakymly, mylaýym etmek.
Ýuwaş etmek, köşeşdirmek, peseltmek, ýeňilleşdirmek.
Aýlary ýumşatdy enäň nalyşy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ol, bir tarapdan, özünden gorkýar, bir tarapdan-da işiň üstüni örtmek, ýumşatmak isleýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Süleýmanow gürrüňi ýumuşatmak niýeti bilen hoşaman söz agtarsa-da, ýa-ha tapmady, ýa-da sekretardan öňe düşmegi özüne uslyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýumşatmak - ýumşadýar, ýumşadar, ýumşadypdyr.