Ýeňillik bilen gysylýan, basylýan bolmak, çeýe, maýyşgak, süýngüç bolmak.
Birnäçe wagtdan soň ýumşady.
Ýakymly, mylaýym, ýuwaş bolmak.
Köşeşmek, diňmek.
Gülsüm biraz ýumşasa-da, Kürt Ahmede gyýyk göz bilen bakdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Annatuwagyň çenden kekre ýaly somalyp galyp, süýji tagama zäher gatýan gyňyr gylygy ýumşarmyka?! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Osipow şol sekundyň özünde ýumşady-da, ýasama ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gijeki aýaz daňdanyň alagaraňkysynda biraz ýumşady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)