ýuka ýu‧ka sypat

[ýu:ka]

  1. Galyň bolmadyk.

    • Mämmetweli «hüşür» diýip gelse, men onuň ýuka ýektaýyny başyna bürärin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Begenç gowaça gozalarynyň ýuka köýnek üstünden patlap degenini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ol Wüşi keliň ýuka köýnegini böwsüp, goltugynyň aşygyny çalaja sypjyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýukajyk geýimleri çala pasyrdaýan ýakymly şemal-da, tämiz howa-da onuň ünsüni özüne çekip bilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Näzik, gelşikli, owadan.

    • Üzümgül ýuka dodaklaryny çalaja ýylgyrdyp, beýleki otaga girip gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýuka dodaklary şat ýylgyrýardy. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)

    • Akja gara gözlerinden buýur-buýur ýaş döküp, ýowuz günde her bir kynçylygyň hötdesinden gelýän erkek doganyny gören haçar gyz ýaly ýuka dodaklaryny kemşerdip aglady. (N. Pomma, Egri eýikmez)

    • Hojamyň ýukajyk gabaklary gorky bilen tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

eli ýuka

seret el 1

ýuka geýinmek

Ýeňil geýinmek, galyň geýinmezlik, ýyly eginbaş geýinmezlik.

  • Howa sowuk, emma sen ýuka geýinipsiň!

ýuka ýürek

seret ýürek 1

  • Ol hem edil Abdykerim eke ýaly ýürekli, aladaly, maşgalasynyň üstünde kökenegini gerip duran adamdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Onuň daşdan göräýmäge zeýrenjeň, aslynda bolsa ýuka ýürek aýaly bardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • ýukadan
  • ýukady
  • ýukadygyny
  • ýukadyr
  • ýukaja
  • ýukalygy
  • ýukalygynda
  • ýukalygyndan
  • ýukalygynyň
  • ýukalygyň
  • ýukalyk
  • ýukalykdan
  • ýukarak
  • ýukarakdyr
  • ýukasyny
  • ýukaň