ýugurmak işlik

Bir zady basyp, gysyp, garjaşdyryp, owkalap ýumşak massa öwürmek, ýumşak etmek.

  • Çuwalyň düýbünde galan urbalygymy kakyp-silkip ýugrup bişiren bir tamdyr çöregime gynanýan. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Munuň yzyndan hem iki nanlyjak hamyr ýugrup basyryp goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Hamyr ýugurýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bossan eje bu wagt eýwanda hamyr ýugrup otyrdy. (G. Gurbansähedow, Enesiniň Ýumuşlary)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýugurmak - ýugrar, ýugrupdyr.