ýugrum

Bir zady basyp, gysyp, garjaşdyryp, owkalap ýumşak massa öwürmek, ýumşak etmek prosesi, ýugrulyş.

ýugrumy ýetmedik

  1. Ýeterlik ýugrulmadyk.

  2. Oňat bolmadyk, oňat işlenmedik, gyzyksyz, gowşak.

    • Heniz ýugrumy ýetmedik hamyry gapysyndan getirşine, abraýly stoluň başynda ýer berşine haýrandyryn. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Kitaplaryň içinde ýugrumy ýetmedik hamyr ýaly gowşaklary, öwrenjäniň keşde edişi ýaly wakany ýaramaz suratlandyrýanlary ýok däl. («Sowet Türkmenistany» žurnaly)