ýugrulmak ýug‧rul‧mak işlik

  1. Basylyp, gysylyp, garjaşdyrylyp, eýlenip ýumşak massa öwrülmek, ýumşak edilmek.

    • Hamyr ýugrulyp gutardy.

  2. Göçme manyda Belli bir häsiýete eýe bolmak, gönükdirmek.

    • Keminäniň döredijiliginin esasy aýratynlygy onuň eserleriniň hüjüm edijilik häsiýeti bilen ýugrulandygydyr. («Edebiýat»)

    • Nähili hem bolsa, Zelili bilen Seýdiniň watançylyk duýgularyna ýugrulan, esasynda halkyň isleg-arzuwy ýatan dostlugy biziň üçin gymmatlydyr we ony öwrenmek ýaly ähmiýete eýedir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ýugrulan
  • ýugrulanda
  • ýugrulandan
  • ýugrulandy
  • ýugrulandygy
  • ýugrulandygyny
  • ýugrulandyr
  • ýugrulanlygy
  • ýugrulanmyş
  • ýugrular
  • ýugruldy
  • ýugrulmadyk
  • ýugrulmagy
  • ýugrulmagydyr
  • ýugrulmagyny
  • ýugrulmak
  • ýugrulmalydygy
  • ýugrulmasa
  • ýugrulyp
  • ýugrulypdy
  • ýugrulypdyr
  • ýugrulypsyň
  • ýugrulýan
  • ýugrulýar