ýowuz sypat

  1. Ýaman, erbet.

    • Eý, aldanan, ýowuz güne düşen adamlar! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Wepa azajyk salym uruşda bolan wagtynyň içinde ýowuz günlerde edermen ýoldaşyň dogandan hem artyk ekenligini eýýäm aňlapdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Gazaply, rehimsiz.

    • Agşamara bolan pille, tokaýlarda ýowuz halda duşman dişin gyjaýardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)