ýowar at

Biriniň hojalyk işine kömek bermek maksady bilen köpçülik bolup meýletin ýerine ýetirilýän iş (köplenç bir günlük).

  • Ýowara ýygnanan daýhan örän kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Komsomollar ýowar edip, oňa täze ýurtdan jaýjagaz salyp beripdirler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol haýsy bir işiň gyrasyndan barsa, edil ýowara baran ýaly, işiň aman-zamanyny bermezdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gezelenç bag ýerini bejermek, obaň köçelerini hem ýaplaryny bejermek işlerine biz gün sarp edemizok, olary kolhozçylar işlerinden soň, ýowar şekilinde işläp bejerýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýowara
  • ýowarda
  • ýowarlar
  • ýowarlara
  • ýowarlarda
  • ýowarlary
  • ýowarlarynda
  • ýowary
  • ýowaryna
  • ýowarynda
  • ýowaryny
  • ýowarynyň
  • ýowaryň