ýow

  1. Könelişen söz Duşman, ýagy.

    • Ýurduň daşyn hem için, Ýowdan goramak üçin, Saklapdyr köp goşuny. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

    • Arkalaşan ýow gaýtar. (nakyl)

    • Ýow gaýtsa, agsak ozar. (nakyl)

  2. Uruş, söweş, jeň.

    • Gitleriň ýakan ýow ody ýanmadyk dek öçdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Ýow güni atyň gazykda daňylgy galmagyny örän erbetligiň nyşanasy hökmünde görýärdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýow - ýowum, ýowuň.


Duş gelýän formalary
  • ýowdan
  • ýowly
  • ýowmy
  • ýowuň
  • ýowy