ýorunja

Botanika Mal iýmiti üçin ekilýän näzik baldakly, kiçijik ýaprakly, mawy gülli ösümlik, ot.

  • Ýorunja ekmäge hem güýzlük bugdaý ekmäge taýýarlanmaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gül açypdyr gowaçalar, Ýorunja geçipdir dyzdan. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Ýorunja biziň arryk düşen ýerlerimizi mes edýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Eken 30 gektar ýorunjasy häzir bir kemsiz ýetişip, mawy gül bolup otyr. («Tokmak» žurnaly)