Düýşi kesgitlemek, düşündirmek, ýorgudyny aýtmak.
Her gije düýşde görýärdiň, Ir turup, ýagşa ýorýardyň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Artyk demini dürsänden soň, öz ýanyndan düýşüni ýordy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hasap etmek, hasaplamak, bir zatdan görmek.
Ekzamenden geçip bilmänini Artyk ýok zatlara ýordy. («Mydam taýýar» gazeti)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýormak - ýordum, ýorduň, ýorupdyr.
seret ýadatmak
Artygy uzak günüň oragy ýadatmasa-da, şol agyr oýlaryň beren azaplary ony ýordy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýormak - ýordum, ýorduň, ýorupdyr.