ýorgan

Ýatylanda üstüňe örtmek üçin arasyna pamyk, ýüň, ýelek salnyp tikilen körpe, örtük.

  • Nepis nagyşly Mary sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bolýar, oglum! -- diýeninden soň, Annaguly ýorganyna girip uklady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Pökgen heniz gutulyp ýorgandan çykmanka, Hojam aga hem geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýorgana
  • ýorganam
  • ýorganda
  • ýorgandaky
  • ýorgandan
  • ýorganlar
  • ýorganlary
  • ýorganlarymyz
  • ýorganlaryny
  • ýorganlaryň
  • ýorganly
  • ýorganlyk
  • ýorganlykdan
  • ýorgany
  • ýorganymyzy
  • ýorganyna
  • ýorganynam
  • ýorganynda
  • ýorganyndan
  • ýorganyny
  • ýorganynyň
  • ýorganyň
  • ýorganyňa
  • ýorganyňy
  • ýorganyňyzy
  • ýorgança