ýorgalatmak işlik

Ýorgasyna sürmek, ýorgasyna çapdyrmak.

  • Kimlerdir gök ot ýükli eşegini ýorgaladyp barýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Sary aga dor alaşasyny obanyň içi bilen ýorgaladyp, nirädir demirgazyk-gündogar tarapa haýdap barýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýorgalatmak - ýorgaladýar, ýorgaladar, ýorgaladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýorgaladyp
  • ýorgalatmakdan