Ýorgasyna gitmek, ýorga gezeri bilen gitmek.
Dor alaşa käkilik ýaly ýorgalap barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Üstüne münülmegine mähetdel mes maýa ýorgalap gitdi. («Kolhoz günleri»)
Gel, bir hile edeli; sen şol gyzjagazlaryň yzyna düşüp git, men hem uçup bilmeýän kişi bolan bolup, öňlerinden ýorgalap gaçaýyn. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)