ýonmak işlik

[ýo:nmak]

  1. Rende ýa-da beýleki ýonujy esbaplar bilen bir zadyň ýüzünden ýuka gatlagyny aýyrmak, tekizlemek, ýylmamak, rendelemek.

    • Şu stanokda iňňen çylşyrymly we uly detallary hem aňsatlyk bilen ýonmak bolýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Agaçdan ýonup perzi, pil, ruh, şa, at ýasapdyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Birinden bir zady hile bilen aldap almak.

    • Göroglydan bir zat ýonup bolmazmyka? («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýonmak - ýondum, ýonduň, ýonupdyr.