ýol

[ýo:l]

  1. Gatnaw, hereket etmek üçin ýer zonasy, köpçülikleýin ýörelýän ugur.

    • Guýy obanyň ýokary çetindedi, oňa obanyň ortasyndan ýol barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet. (nakyl)

    • Ýoly ýören ýeňer, işi -- ýapyşan. (nakyl)

    • Ýoldan çyksaň çyk, ilden çykma. (nakyl)

  2. Ugur, tär, usul.

    • Sorag sözlemi esasan üç hili ýol bilen emele gelýär.

  3. Ýolagçylyk, sapar, syýahat.

    • Gözi ýaşdan dola-dola, Şa ugrady uzak ýola. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

    • Bu ata-ene uruş wagtlarynda git-gel ýol ýagdaýynyň kynçylygyny duýmaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

  4. Bir maksada ýetmäge çalyşýan akym, ugur.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýol - ýolum, ýoluň.

aýdyň ýol

Dogry ýol, dogry alyp barylýan ugur.

ýedi ýoluň üstünde irkilmek

Hemmelere belli bolan zatdan bihabar bolmak, bihabar galmak.

ýol açmak

Ugur aldyrmak, öňüni arçamak, arany düzlemek.

ýol almazlyk

Ýerine ýetmezlik, şowly bolmazlyk, ugur almazlyk.

  • Atabaýyň öz ömründe birinji gezek Akmaýany özüne tabyn etmek islegi ýol almady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

ýol bermek

  1. Gelýäniň öňünden sowulmak, geçip gitmäge mümkinçilik döretmek.

    • Dik duran adamlar ýol berdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ygtyýar bermek, rugsat etmek, mümkinçilik bermek.

    • Men onuň beýle bilimsiremegine hiç haçan ýol bermerin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýol bolsun!

Işiň şowly bolsun, sag-aman gidip gel (alkyş).

  • Agaýunus bulara ýol bolsun aýdyp, ak pata berip ugratdy. («Görogly» eposy)

  • Rahym aga: -- Ýol bolsun! Saparyňyz nirä? -- diýip sorady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýol boýy

Ýoluň bütin dowamynda bolup geçýän.

  • Ol ýol boýy iňirdäp gelýär.

ýol görkeziji

Etmeli işleri görkezýän, ýolbaşçylyk ediji.

ýol görkezmek

Ugur görkezmek, öwretmek.

  • Nury diýer üns berýär işine, Göni ýol görkezip deňi-duşuna. (Nury Annagylyç, Goşgular)

ýol gözlemekk

Çykalga agtarmak.

  • Ýagdaýdan çykmak üçin ýol gözlemek.

ýol kesmek

  1. Ýolda gürrüň berip, wagt geçirmek.

  2. Garakçylyk etmek, ýoldan geçenleri talamak, ýol urmak.

ýol ogly

Näme diýilse edip durýan, garşylyk görkezmeýän.

  • Men ýol ogly. («Sowet edebiýaty žurnaly)

  • Ýol ogly ýolda ýagşy. (nakyl)

ýol salmak

  1. Gatnap durmak, köp gatnamak, gelip-geçip durmak.

  2. Köp gatnap ýol etmek.

ýol sökmek

Köp ýöremek, ýöräp köp ýol geçmek.

ýol tapmak

  1. Ýoluň üstünden barmak.

  2. Bir zadyň ugruny, tärini bilmek.

    • Elbetde, arada onaýly ylalaşyk bolsa, oňa ýol tapmak aňsat-la. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýol tutmak

Biriniň ýolunda durmak, ýoluny kesmek, geljek ýolunyň öňünde durmak.

ýol urmak

Gelen-geçeni talamak.

  • Ýol urmaklyk, ogrulyk işine başlan Allaly paryň öz häsiýetine göre başyndan geçiren aýratyn taryhy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýola düşmek

  1. Bir ýana ugramak, ýola rowana bolmak.

    • Ertesi ejem bilen, bütin dostlarymyz bilen hoşlaşyp ýola düşdük. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ugra barmak, ugrukmak.

    • Sowet hökümetiniň işi mazaly ýola düşýençä, agsak mürze ýaly syrtyny gabardýanlar tapylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýola getirmek

Terbiýelemek, düzetmek, oňat terbiýe bermek.

  • Ahlak taýdan bozuk adamyny ýola getirmek.

ýola gitmek

Ugra barmak, ugrukmak.

  • Meniň işim ýola gider. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýola goýmak

Düzetmek, ugrukdyrmak, gönükdirmek.

  • Iwan Petrowiç atasy pakyryň ýola goýan tertibini gowşatdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

ýola rowana bolmak

Bir ýere ugramak, ýola düşmek.

  • Maslahatdan soň myhmanlar ýola rowana boldular.

ýola salmak

  1. seret ýola goýmak

    • Sen bu işi ýola sal. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Terbiýe bermek, terbiýelemek, ýol görkezmek.

    • Ony ýola saljak bolup synansa-da hiç täsiri ýetmedi. (D. Baýmyradow, Söýgi We Mekirlik)

ýoldan azaşmak

Ýalňyş pikire düşmek, ýalňyşlyk goýbermek.

  • Oglum, olar hak ýoldan azaşypdyrlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýoldan çykmak

Azmak, bozulmak.

  • Men bir ýoldan çykan boldum. («Türkmen pýesalary»)

ýoldan sowmak

Azdyrmak, ýalňyşdyrmak, ters ugra gönükdirmek.

ýoluna düşmek

Bir zadyň ugrunda hereket etmek, bir zadyň küýüne düşmek.

  • Annaguly şony bilmegiň ýoluna düşdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýoluny gözlemek

Biriniň gelmegine garaşmak, birine garaşmak.

  • Tä gün batyp garaňky düşýençä Saparyň ýoluny gözledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Geljek diýip ýoluňy gözledip goýduň.

ýoluny kesmek

Gelýäniň öňünden geçmek.

  • Toýjan Äşebibiniň ýoluny kesdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýoluň ak bolsun!

Ýoluň açyk bolsun, işiň şowly bolsun!

  • Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň -- hak. (nakyl)

ýoluň düşmek

Bir söý bilen üstünden barmak.

  • Ýoluň düşen wagty biziňkä-de baryp dur!

ýoluň tanapyny dartmak

Çalt ýol ýöremek, ýol aşmak.

ýoluňy urdurmak

Ters ýola düşmek, bozulmak.

  • Ol ýa-ha düýbünden ylymsyz adam, ýa-da ylmy gaty köp okap, ýoluny urduran adam. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)