ýokuş

Erbet, ýaman täsir edýän.

ýokuş degmek

Agyr degmek, erbet täsir etmek.

  • Onuň meni goýup gitmegi maňa ýokuş degdi. Artygyň soňky sözi Aşyra ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Agronomyň degişmesi oňa häzir gaty ýokuş degdi. («Kolhoz Günleri»)

  • Bu ýagdaý oňa birneme ýokuş degdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

ýokuş görmek

  1. Göwnüň galmak, gaty görmek.

    • Bir tarapdan, ejem bilen kakam bar, onsoň aýrylyşypdyr adyna eýe bolmagy men gaty ýokuş görýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • A gyz, beý diýsem, sen berin bir ýokuş göreýmegin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Bir zady edesiň gelmän, kyn görmek, agyr hasaplamak.

    • Buýrulan ýumşy ýokuş görmek. Iş etmegi ýokuş görýän adam ýok.

ýokuş söz

seret söz

  • Çernyşow ajy, ýokuş sözlerden hem çekinmän, Aşgabat oblsowetini wejera tankyt etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)