Bir zatda yz, tegmilt galmak, ýokuşmak.
Geýime ýokan çyrşagy arassalamak kyn däl, emma ýürege ýapyşan posy saplarlyk derman ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň -- belasy. (nakyl)
Ýokanç kesel ýokuşmak.
Munyň kel bolupdyr, gijilewük keseli ýokupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýokumly bolmak, ýaramak.
Miwe suwy maňa ýokýar.
Täsir etmek, sözüň ötmek.
Biznäçe «gel» diýip sargaýarys, biziň sözümiziň biri hem oňa ýokanok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Pökgen bir köne pikirli adam, oňa şol pikir Elli çamandan ýokýarmy ýa-da başgadan ýokýarmy, onçasyny men bilemok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýokmak - ýokdum, ýokduň, ýokupdyr.