[ýo:klamak]
Birini ýa-da bir zady ýat etmek, ýatlamak, küýsemek.
Gyrat Göroglyny ýoklap bir kişňedi. («Görogly» eposy)
Maýsa ýene-de bir zady ýoklaýan ýaly, böwrüni diňleýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýok etmek, ýitirmek.
Sarp etmek, harçlamak.
Alan depderleriňi nirä ýokladyň?
Gyzylhany tutmaly ýa-da ýoklamaly. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men ony öz elim bilen ýoklaryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)