ýokarlatmak işlik

  1. Ýokary galdyrmak, beýgeltmek.

    • Lýotçik samolýoty gitdigiçe ýokarladýar.

  2. Öňki derejesinden artdyrmak, köpeltmek, galdyrmak.

    • Bahasyny ýokarlatmak. Bilim derejesini ýokarlatmak.

  3. Möwç aldyrmak, güýçlendirmek, işiň depginini artdyrmak.

  4. Gowulatmak, oňatlatmak.

    • Durmuş derejesini ýokarlatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýokarlatmak - ýokarladýar, ýokarladar, ýokarladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýokarladyp
  • ýokarladýar
  • ýokarlatmak