ýok1

Ýokup galan galyndy, ýokundy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýok - ýokum, ýokuň.

ýok bolmazlyk

Örän az bolmaklyk.

  • Ikimiz iýjek bolsak, agzymyza ýok hem bolmaz. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

ýok2

[ýo:k]

  1. Bir zat inkär edilip jogap berlende aýdylýan modal söz.

    • Ertir teatra gitjekmi? -- Ýok.

  2. Bar bolmadyk.

    • Tejende az sanly gyzyl gwardiýadan başga goşun güýji ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýok ýerden bar eden, ýonuşgadan don eden. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýok - ýogum, ýoguň.

ýoga çykarmak

Bolgusyz zada harçlap gutarmak, ýok etmek, ýoklamak.

ýoguna (ýanmak) köýmek

Ýok etmek, ýok edip dynmak, ýoklamak.

  • Artyk, onuň ýoguna köýmek çäresine girişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýok bolmak

  1. Baş alyp gitmek.

  2. Ýitmek, ýogalmak.

ýok etmek

  1. Ýitirim etmek, ýitirmek, ýoklamak.

    • Zadyny ýok etmek.

  2. Ýatyrmak, aýyrmak.

  3. Derbi-dagyn etmek, çym pytrak etmek.