ýoýulmak işlik

  1. Zaýalanmak, haraplanmak, bozulmak, üýtgemek.

  2. Nädogry beýan edilmek, galplaşdyrylmak.

    • Ilki başlarda geçmiş wakalar hakyndaky gürrüňler, ýoýlan, erteki görnüşinde berlipdir. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Taryhy temany işleýän eserlerde geçmişiň ýoýulmagyna, onuň erbet taraplarynyň ýitigsi görkezilmegine ýol bermek bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Aradan çykmak, aýrylmak, ölmek (çaga hakda).

    • Täze bolan çagajyk ýoýlupdyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýoýulmak - ýoýlar, ýoýlupdyr.