ýoýmak işlik

  1. Zaýalamak, haraplamak, bozmak, üýtgetmek, erbetleşdirmek.

    • Dünýäden göwni geçginlik, näumytlyk alamaty onuň keşbini ýoýýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Nädogry beýan etmek, galplaşdyrmak.

    • Taryhy ýoýmak bolmaz.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýoýmak - ýoýdum, ýoýduň, ýoýupdyr.