ýitmek işlik

  1. Gaçyp ýogalmak, gaçyp galmak, gürüm-jürüm bolmak.

    • Ýiten pyçagyň sapy altyn. (nakyl)

  2. Azaşyp başga ýere düşmek, azaşmak.

    • Guma oduna gidençagalaryň biri ýitipdir.

  3. Görünmez bolmak, bozulmak, öçmek.

    • Ol çylgamlar gitdikçe inçelip ahyrsoňy çölde ýitip gidýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Köp wagt geçmegi bilen, ýazylan hatlar kagyzyň ýüzünden ýitip gidipdir.

garasy ýitmek

seret gara

  • Şiziň garaňyz ýitmänkä, men yzyňyzdan ýeterin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gözden ýitmek

seret göz

  • Ýeke keýigiň jyrrardylyp, arany açyp, gözden ýitip barýandygyny saýgardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)