ýitirmek işlik

  1. Bir zady ýogaltmak, gaçyrmak.

    • Çakgymy ýitirdim.

  2. Zyýan çekmek, zelel görmek.

    • Sen bütin bir ýylyňy ýitirdiň. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Müsüriň faraonlary özleriniň Siriýadaky mülklerini ýitiripdirler. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  3. Güýjüňi ýoklamak, ölüm-ýitime sezewar bolmak.

    • Iňlisler şol söweşe goşulan güýçleriniň segsen prosentini ýitirdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Şol söweşde artyk birnäçe nökerini ýitirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

abraýyňy ýitirmek

Iliň hormatlamagyndan mahrum bolmak, biabraý bolmak, hormatyňy gaçyrmak.

adamçylygy ýitirmek

seret adamçylyk

  • Adamçylygyny ýitirip, ýyrtyjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aňyny ýitirmek

seret

el-aýagyňy ýitirmek

seret el

  • Synçy geljek -- diýeninden özini tutup bilmän, elini-aýagyny ýitirip başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

iş ukybyny ýitirmek

seret

  • Iş ukybyny ýitiren garrylara uly kömek berilýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

mal ýitirmek

Küşt oýnunda malyňy mugt aldyrmak, malyňy gidermek.

  • Şeýleliklede ol oýnuň ahyrynda ýalňyşlyk goýberip, bir malyny ýitirdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

özüňi ýitirmek

seret öz

  • Aýsoltana näme jogap berjegini bilmän, özüni ýitirmek bilen, piliniň sapyny sypamagyny dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Türkmen telpegine gözi düşen duşmanlar olardan sustlary basylyp, özlerini ýitirýämişler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýitirip tapan ýaly

seret tapmak

  • Ýitirip tapan ýaly onuň bilen içgin-içgin elleşip, saglyk-amanlyk soraşdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)