ýetmek işlik

  1. Öňden gidip barýan ýa-da gaçyp barýan bilen deňleşmek.

    • Aýlaryň şatlygna bilbil heň etdi, Şol wagt ýeňseden bir göwre ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Meýdan içre ýetdiň bedew harladyp, Ylgaw edip, at alnyny derledip. («Görogly» eposy)

  2. Bir ýere barmak, belli bir ýere baryp ýetişmek.

    • Towşan bolsa, şol gaçyşyna bir gür jeňňellige ýetip, ýapraklaryň aşagynda gizlenip, özüni bilmän köp ýatypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  3. Paý düşmek, belli bir mukdarda berilmek.

    • Bu öten agşamky oljadan ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Ýeterlik bolmak, geregiçe bolmak.

    • Ýer gyt däl welin, hany suw ýetýärmi? (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Bişirilen nahar hemmelere ýetdi.

  5. Almak, edinmek, gazanmak.

    • Bu zatlara ýetmek üçin diňe işlemek gerekdigine ol düşünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  6. Biriniň ýa-da bir zadyň täsiri geçmek, güýçli täsir etmek, sebäp bolmak.

    • Bu işin Göroglydan ýetenini aňlady. («Görogly» eposy)

    • Durdynyň ajy sözi Artyga kemsiz ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  7. Uzynlyk ölçegi boýunça belli bir möçbere deň bolmak.

    • Hažžygyň uzynlygy metr ýaryma ýetýär. («Mydam taýýar» gazeti)

  8. Ýaşy, wagty, möhleti belli bir çene barmak.

    • Türkmenistan ýetdi on bäş ýaşyna. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

akyly ýetmek

seret akyl

  • Ol indi ep-esli çaga bolupdyr, her bir zada akyly ýetýär.

arzuwa ýetmek

seret arzuw

  • Arzuwyňyza ýetmek üçin şu wagtlardan taryh sapagyny oňat öwrenmek gerek. («Mydam Taýýar» gazeti)

gözüň ýetmek

seret göz

  • Şu meselede baş çykarmaz ýaly çylşyrymly zat ýoguna gözüm ýetýä. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

maksada ýetmek

seret arzuwa ýetmek

myrada ýetmek

Arzuwyňa, maksadyňa ýetmek.

neşesi ýetmek

seret neşe

ýigit ýetmek

seret ýigit

  • Iliň seniň ýaly ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüki ýetmek

seret ýük

  • Ýüküň ýeter gyjyt, gepden, Şonda meni bagyşla sen! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

ýüňi ýetmek

seret ýüň