ýetirmek işlik

  1. Aradaşlykdaky bir zada uzadyp degirmek, galtaşdyrmak.

    • Gül astynda oturgyçda oturdy, Bukjaly hatyna elin ýetirdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  2. Alyp barmak, eltmek, gowşurmak.

    • Olar alyp barýan ýüklerini wagtynda ýetirdiler.

  3. Ýeterlik etmek, deňine eltmek.

    • Senagaty uruşdan ozalky derejesine ýetirmek we ondan-da geçirmek ugrundaky hormatly işe sowet adamlarynyň hemmesi bir adam ýaly bolup girişdi. («Edebiýat»)

  4. Göçme manyda Habar bermek, duýdurmak, aýtmak.

    • Onuň şu ýerde aýdanlaryny serhede ýetirmek ýeterlik. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

bahasyny ýetirmek

seret baha

  • Ýaraglaryň bahasyny ýetirip satjagyna ynanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz ýetirmek

seret göz

  • Bu ýyl hasylyň bolsady ekilen ýaly boldumlydygyna öňünden gözüni ýetirip bilen Pökgeniň ökjesi has hem ýeňläpdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

häsini ýetirmek

seret

  • Iwan sag bol berip, häsini ýetirdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

ýerine ýetirmek

  1. Çalmak, aýtmak (aýdym, saz).

    • «Senemiň» aýdymyny ýerine ýetirmek.

  2. Berjaý etmek, amala aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek.