ýetimlik

[ýeti:mlik]

  1. Ýetimiň ýagdaýy, ata-enesizlik, ýetim-ýesirlik.

    • Meniň soňky günlerde saňa rehimim inýä, seniň ýetimligiňe men dözemok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ah, ýetimligiň, sallahlygyň ýüzüne köz degsin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Hossarsyzlyk, ýekelik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýetimlik - ýetimligi.