ýetişmek1 işlik

  1. Ösüp kemala gelmek, hasyla durmak, bişmek.

    • Eken 30 gektar ýorunjasy hezir bir kemsiz etişşg, mawy gül bolup otyr. («Tokmak» žurnaly)

    • Nahar ýetişipdir.

  2. Kämillik ýaşyna ýetmek, ösüp ulalmak, jahyl çykmak.

    • Nursoltan gyzynyň ýetişenini köpden bäri aňlaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýetişmek2 işlik

  1. Geçilýän sapaklary ýeterlikli özleşdirmek, ýetişik gazanmak, talaba laýyk özleşdirmek (okuw hakda).

    • Ol sapaklaryna gowy ýetişýär.

  2. Wagtynda barmak, gijä galman barmak.

    • Okuwa ýetişjek bolup ylgap gitdim.

  3. Ýetişikli bolmak, öz wagtynda häzir bolmak, wagtynda taýýar etmek.

    • Sapýorlar ol wagtda ýollary bejerip ýetişerden ejizdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

galpyldy ýetişmek

seret galpyldy

  • Ýürekleri syrylan jigitlere-de biraz galpyldy ýetişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)