ýetişdirmek işlik

  1. Idedip ösdürmek, gözegçilik edip ulaltmak, kemala getirmek.

    • Ak altynyň rekord hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, kolhoz meýdanynda tutanýerli zähmet çekýäris. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Terbiýeläp ösdürmek.

    • Biz ony meşhur razwedkaçy edip ýetişdirerdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Wagtynda eltip bermek, öz möhletinde eltmek, gowşurmak.

    • Kim pälesini ýetişdirmese, eýgilik tamasyny etmeli däldigini hem duýdurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Bir zady bellenen wagta taýýarlap häzir etmek.

    • Makalany şu aýda ýetişdirerin.