ýesirlik

[ýesi:rlik]

  1. Ýesir düşmeklik, bendilik, ýesiriň hal-ýagdaýy.

    • Ol ýesirlikden gaçyşyny aýtdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Kimler ýesirlikde kulbesi çaşdy, Giň jahany bize dar eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Bir zady höwes edijilik, hyrydarlyk, bir zada aşyklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýesirlik - ýesirligi.


Duş gelýän formalary
  • ýesirlige
  • ýesirligi
  • ýesirliginde
  • ýesirliginden
  • ýesirligini
  • ýesirligiň
  • ýesirligiňden
  • ýesirlikde
  • ýesirlikdedi
  • ýesirlikden
  • ýesirlikdäki
  • ýesirlikleriň