ýesir

[ýesi:r]

  1. Duşmanyň eline düşen we azatlykdan mahrum edilen, ýesirlikdäki, bendi edilen adam.

    • Ol hem şäheriň aýallary, ýesirleri bilen bile sürüldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir zady höwes ediji, hyrydar.

    • Bu hem şol Öwezjanyň ýesiridir. («Görogly» eposy)

    • Bu siziň goňşyňyz we şeýda sesiňiziň şygy hem ýesiri Berdi suratçy. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

ýesir bolmak

Ýesirlikde ýaşamak.

  • Ýaga düşmek, ýesir bolmak ölümden bolup, biziň namysymyza degýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)

ýesir düşmek

Duşmanyň eline düşmek, duşman tarapyndan ýesir alynmak, bendi edilmek.

  • Ýesir düşen soldaty gynaýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýesirden
  • ýesirdir
  • ýesire
  • ýesirem
  • ýesiri
  • ýesiridir
  • ýesirimi
  • ýesirine
  • ýesirini
  • ýesiriniň
  • ýesiriň
  • ýesiriňden
  • ýesirler
  • ýesirlerden
  • ýesirlere
  • ýesirlerem
  • ýesirleri
  • ýesirlerimiz
  • ýesirlerimizi
  • ýesirlerimiziň
  • ýesirlerinden
  • ýesirlerini
  • ýesirleriniň
  • ýesirleriň
  • ýesirleriňizi
  • ýesirli
  • ýesirlige
  • ýesirligi
  • ýesirliginde
  • ýesirliginden
  • ýesirligini
  • ýesirligiň
  • ýesirligiňden
  • ýesirlik
  • ýesirlikde
  • ýesirlikdedi
  • ýesirlikden
  • ýesirmi