ýeser ýe‧ser

  1. Mekir, hilegär, köpbilmiş.

    • Täjiriň ýeser ogly bar eken, biriniň elinden oragyny alyp, ol hem orakçylary urup başlapdyr. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Ol özüni ýeser hasap etse-de, akmaklaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Pähimli, ýiti, başarnykly, daşdan görýän (adam hakda).

    • Artyk örän ýeser ýigitdi.

  3. Göçme manyda Özüne çekiji, täsirli.

    • Mätäji diýr, aldy huşum, Ýeser gara zülpüň seniň. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

ýeser ýerde gaý tutmak

seret gaý


Duş gelýän formalary
  • ýeserden
  • ýeserdi
  • ýeserdigi
  • ýeserdir
  • ýesere
  • ýeserem
  • ýeseri
  • ýeseriň
  • ýeserje
  • ýeserlige
  • ýeserliginiňem
  • ýeserligiň
  • ýeserlik