ýerleşmek işlik

  1. Bir zadyň içine jaýlaşmak, sygmak.

    • Ýyglan gawunlaryň hemmesi araba ýerleşer.

  2. Girmek, kabul edilmek, göterilmek (işe, okuwa).

    • Biziň herimiz bir işe ýerleşdik. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Sarp bolmak, harç edilmek.

    • Norma boýunça alnan harytlaryň hemmesi ýerleşdi.

  4. Belli bir ýerde, territoriýada bolmak.

    • Türkmen döwlet uniwersiteti Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

  5. Mäkäm ornaşmak, jaýly oturmak.

    • Pökgi aýbogdaşyny gurup, kemally ýerleşmänkä, Mämmetweli hojam peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  6. Göçme manyda Durmuşa çykmak, äre barmak.