ýerleşdirmek işlik

  1. Zady bir zadyň içine salyp ornaşdyrmak, jaýlaşdyrmak, ýerbe-ýer goýmak, sygdyrmak.

    • Gyş geýimlerini sandyga ýerleşdirmek. Bu goşlary çemedana zordan ýerleşdirdim.

  2. Salmak, ornaşdyrmak, girizmek (işe, okuwa).

    • Ony ýokary mekdepleriň birinde okuwa ýerleşdirmek hyýaly ýok däl. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Biz olary göz bejerilýän jaýymyzda ýerleşdirdik. (S. K. Karanow, Trahoma We Oňa Garşy Göreş)

  3. Göçme manyda Durmuşa çykarmak, äre bermek.

    • Ýetişen gyzy ýerleşdirmek.