ýençmek işlik

  1. Pugta urmak, mazaly saýgylamak, ýençgilemek.

    • Men maşgalamy yzymda taşlap, talaňçylyk etmege, garyplary ýençmäge, gan dökmäge gelemok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol käýindi-de, maňlaýyna ýençmäge başlady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Çekiçlemek, sozmak, çekiç bilen urmak (metal hakynda).

    • Demri ýenjip sozmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýençmek - ýenjýär, ýenjer, ýenjipdir.