ýelpewaç

[ýelpewa:ç]

Ýelpemek üçin gasynly enjam.

  • Şindi göze görünmen, ol gyzgylt şöhlelerini asmanyň ýüzüne ýelpewaç şekilinde ýaýratdy. (M. Gorkiý, Ene)

  • Aşaklykdan ösýän ertir şemaly, Ýelpep oň ýüzüni ýelpewaç ýaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Hytaýlylar ýelpewaç ýasamaga ussatdyrlar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýelpewaç - ýelpewajy.