ýelmemek işlik

  1. Ýelim çalyp ýelmeşdirmek, ýelim çalyp ýapyşdyrmak, ýelimläp tutdurmak.

    • Haty wokzalyň görnükli ýerlerine, zawodyň binalaryna ýelmediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýelli haty elinde saklap, bukjany öňküsi ýaly ýelmejek boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Güpledip goýbermek, bat bilen urmak.

    • Taýak bilen ýelmemek.

  3. Göçme manyda Jaý erinde degerli söz aýtmak, manyly söz aýtmak.

  4. Göçme manyda Birine bir zady hile ýa şowlulyk bilen dakmak, bermek, satmak.

maňlaýyna ýelmemek

seret maňlaý