ýelli sypat

  1. Köplenç wagt ýel ösýän (ýer hakda).

    • Respublikamyzda iň ýelli ýerleriň biri hem Gyzylarbat, gazanjyk, Nebitdag şäherleridir.

  2. Güýçli ýel ösüp duran, ýel turup duran.

    • Araky ýelli günde tas sürimizi böldüripdik.

  3. Ýellenip çişen, pökgeren.

    • Gabaklary ýelli, gözleri çylpykly ýaly görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agzy ýelli

seret agyz

  • Bu gürrüňler agzy ýellileriň, gorkaklaryň ýalan toslamalarydyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)