ýelken1 at

Ýel düşüp çişende, gämini ýöretmek üçin hyzmat edýän bogaldaga berkidilen uly galyň mata.

  • Ýelken ýaly boluşyp deňiz deýin meýdanda, Ak çadyrlar uzakdan görünýärler agaryp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Olaryň ýelken ýaly agaryp görünýän fartuklary ýaly fartuklaryň birini dakynyp, seniň hem olaryň arasyna goşulasyň gelýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

ýelken2 at

Diňe dabanyňy örtýän we aýagyňa daňar ýaly her ýerinden ýüp geçirilen, teletinden, rezinden edilýän hem aýakýalaňaç geýilýän tomus aýakgaby, çepek (gaýyş).

  • Bularmy, tüýs ýeňil aýak, ýelken gulaklardyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)