Bir zady, zadyň böleklerini ýelmemek, biri-birine jebis tutdurmak üçin ulanylýan ýelmeşegen madda, çyryş.
Bukjany öňküsi ýaly ýelmejek boldy, emma öňküsi ýaly ýelim tutmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýarym sagat geçenden soň, Kaştanka ýelim we lak ysy gelýän adamlaryň yzyna düşüp, köçe bilen barýardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)