ýelek ýe‧lek

Guşlaryň endamyna bitýän iki gapdaly sütükli ösüntgi, per.

  • Ýelek ýassygy tirsekläp gyşarýar welin, onsoň onuň oýadygyny, ukudadygyny bilip bolmaýar. («Tokmak» žurnaly)

  • Eger tokaýda tilkini häkim edip goýsalar, ýelek köp bolar-da, guş bolmaz! (M. Gorkiý, Ene)

  • Adyňa mynasyp ýüzleriň gülek, Ýorganyň ýüpekden, düşekçäň ýelek. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýelek - ýelegi.


Duş gelýän formalary
  • ýelege
  • ýelegi
  • ýelegidir
  • ýelegim
  • ýelegin
  • ýeleginden
  • ýelegini
  • ýeleginiň
  • ýelegiň
  • ýelekde
  • ýelekden
  • ýelekdir
  • ýelekdäki
  • ýelekler
  • ýeleklerden
  • ýeleklere
  • ýeleklerem
  • ýelekleri
  • ýeleklerimden
  • ýeleklerimi
  • ýeleklerinde
  • ýeleklerinden
  • ýeleklerine
  • ýeleklerini
  • ýelekleriniň
  • ýelekleriň
  • ýelekli
  • ýeleklilere
  • ýeleklilik
  • ýeleksiz
  • ýeleksizligi