ýelejiretmek ýe‧le‧ji‧ret‧mek işlik

  1. Açyk howada gezmeletmek, seleňletmek.

    • Wah, şol agaçlar bir tizräk ýetişsedi. Seni hem bir şolaň saýasynda ýelejiretsedim. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  2. Şemal kakdyrmak, ýel çaldyrmak.

    • Çaganyň bolýan otagyny ýygy-ýygydan we dowamly ýelejiretmek gerek. (S. O. Duliskiý, Rahit)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýelejiretmek - ýelejiredýär, ýelejireder, ýelejiredipdir.


Duş gelýän formalary
  • ýelejiredip
  • ýelejiredýän
  • ýelejiredýär
  • ýelejiredýärler
  • ýelejiretmegi
  • ýelejiretmek
  • ýelejiretmekligiň
  • ýelejiretmeklik
  • ýelejiretmeli
  • ýelejiretsedim