ýele

Ýeliň ösýän tarapy, şemal öwüsýän tarap.

  • Özi hem onuň ýele gapdalyndap üstüne abanyp, odunyny ezmezlige çalyşýan ekeni. (Myraly)

  • Arkasy kädili bir gyz ýele ýanlaryndan suw almaga geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýelesine-ygyna düşüp bolmazlyk

Ugruna-utgasyna düşüp bolmazlyk.

  • Asyl seniň, ýeleňe-ygyňa düşer ýaly däl, kakaňda-ha şeýle häsiýet düýbünden ýokdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Toba-tagsyr, men-ä seniň ýeleňe-ygyňa düşünip bilen däldirin. («Tokmak» žurnaly)