ýekelemek işlik

  1. Gür gögeren ekinleriň käýerlerinden goparyp seýrek etmek, selçeňlemek, selçeň etmek.

    • Olar gowaçalary ýekeleýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Kelemde iň ilki hakyky ýaprak peýda bolanda ýekelemek işini geçirýärler. (W. A. Tetýurow, Botanika)

  2. Köpçülik bolup biriniň üstünden düşmek, birini ara almak.